2020-nji ýylyň iň howply parollary belli edildi

  • 21.11.2020 19:45
  • 20k+

NordPass portalynyň hünärmenleri 2020-nji ýylyň jemi boýunça ulanyjylaryň arasynda has meşhur bolan parollaryň sanawyny neşir etdiler. Bu barada infosmi.net habar berýär.

Ulanyjylar iň azyndan 2,5 million gezek 123456 parolyndan peýdalandylar. Bu ýönekeý parol meşhurlygy boýunça reýtingde birinji orny eýeledi. Ikinji orunda 123456789 paroly ýerleşdi. 961 müňden gowrak ulanyjy bu has “çylşyrymly” paroly ulandy. Meşhurlygy boýunça üçünji orunda picture1 paroly ýerleşdi – ol azyndan 360 müň adam tarapyndan ulanyldy.

Meşhur parollaryň reýtinginiň dördünji orny password parolyna degişli boldy. Şeýle-de, bu sanawda 12345678, 12345, 111111, 123123 we şuňa meňzeş parollar hem bar.

Hünärmenler picture1-den başga parollaryň hakerler tarapyndan on sekundyň içinde bilinýändigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, has çylşyrymly parollar – meselem, aýdym-saz toparlarynyň ýa-da filmleriň atlary hem howpsuz däl hasaplanylýar, şeýle-de bolsa, bu parollar hem köp ulanylýar.

Sanawda döwmek üçin iň kyn parol “jobandtalent” boldy. Ony 34,5 müňden gowrak adam ulandy, bu söz utgaşmasyny döwmek üçin üç ýyl gerek bolar. NordPass ortaça ulanyjynyň ýylyň başyna garanyňda, 25% köp parol ulanyp başlandygyny belleýär.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......