2021-nji ýylda Türkmenistanda özboluşly desgalaryň birnäçesi açylar

  • 21.11.2020 12:15
  • 10k+

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda özboluşly desgalaryň birnäçesi açylar. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Wise-premýer Ş.Durdylyýewiň habar bermegine görä, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, häzirki döwürde paýtagtymyzda we welaýatlarda köp sanly desgalar gurulýar. Şol desgalaryň arasynda has uly binagärlik ýadygärlikleri, täze şäher etraplary we obalar, edara binalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bar. Iň täze tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar gurulýar. Tizlikli awtomobil ýollary, gaz geçirijiler we halkara ähmiýetli demir ýollar çekilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara wise-premýer Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygynda ýylyň ahyryna çenli gurulýan desgalary düýpli seljermegi tabşyrdy. Şolaryň arasyndan özboluşly desgalaryň birnäçesini saýlap alyp, olary geljek ýyl ulanmaga bermegiň tertibine goşmaly we Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisiniň garamagyna hödürlemeli.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......