COVID-19 döwründe hemmeleriň saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen gurşalyp alynmagy maslahatlaşyldy

  • 18.11.2020 16:36
  • 9k+

Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigi tarapyndan guralan we COVID-19 döwründe hemmeleri saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen gurşap almaga hem-de bu ugurda iň gowy parlament tejribesine bagyşlanan okuw-maslahata gatnaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzir dünýäde dörän çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek hem-de pandemiýanyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça utgaşykly we özara ylalaşykly hereketleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda lukmançylyk diplomatiýasy möhüm orun eýeleýär. Bu diplomatiýa şol ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Wideoforumyň gün tertibine Parlamentara birleşigi tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen köpçülikleýin gurşap almagy gazanmak: saglyga bolan hukugy üpjün etmekde parlamentleriň orny» atly Kararnamanyň kadalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Maslahatyň barşynda bu ugurda amala aşyrylan işlere baha berildi, COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyna ilatyň elýeterliligini üpjün etmek, umuman, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk hem-de pandemiýadan soň­ky dikeldiş boýunça wezipeleri çözmek babatda görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......