Russiýa koronawirus sebäpli daşary ýurtly talyplary kabul etmäge taýýar däl

  • 17.11.2020 22:44
  • 9.8k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurtly talyplaryň üçden biri häzir daşary ýurtlarda bolýarlar. Koronawirus epidemiýasy sebäpli Russiýa heniz daşary ýurtly talyplary kabul etmäge taýýar däl diýip, Russiýanyň rektorlar bileleşiginiň ýygnagynda Ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow habar berdi. Muny rg.ru ýetirýär.

- Koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaý sentýabr aýyndaky görkezijilerden  düýpgöter tapawutlanýar. Birnäçe ýurtdan, şol sanda GDA ýurtlaryndan talyplar, elbetde, gelmek isleýärler, ýöne häzir muňa mümkinçilik ýok. Şäherlerimizdäki we uly uniwersitetlerimizdäki ýüze çykan ýagdaýlary özüňiz görýärsiňiz, şonuň üçin bu wagt daşary ýurtly talyplary kabul etmäge taýyn däl. Ýagdaý sentýabr aýynyň başyndaky ýagdaýdan düýpli üýtgedi – diýip, ministr belledi.

Şol bir wagtyň özünde, ministr häzirki wagtda uzak aralykdan bilim alýan daşary ýurtly birinji ýyl talyplaryna aýratyn üns bermelidigini, bilimiň hilini üpjün etmek üçin aýratyn çemeleşmeleri tapmalydygyny belledi.

Şeýle-de, ministr RF-iň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsiniň okuw ýylynyň ahyryna çenli maliýe goldawyny aljakdygyny aýtdy.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......