BSGG: «Sanjymyň bir özi pandemiýany togtadyp bilmez»

  • 17.11.2020 13:06
  • 8.9k+

BSGG-niň başlygy Tedros Adanom Gebreýesus sanjymlaryň bir özüniň koronawirus pandemiýasyny ýok edip bilmejekdigini aýtdy diýip, cursorinfo.co.il habar berýär.

Gebreýesus pandemiýany ýeňip geçmek üçin öňüni alyş çäreleriniň ählisiniň bilelikde zerurdygyny nygtady. Ol bu barada Twitter sahypasynda ýazdy.

“COVID-19 pandemiýasy başlany bäri pandemiýany ele almak üçin sanjymyň zerurdygyny bilýärdik. Emma onuň beýleki gurallaryň deregini tutman, diňe üstüni ýetirjekdigine düşünmek möhümdir"-diýip, Gebreýesus belledi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygynyň pikiriçe, wirus ýokuşma hadysalaryna gözegçilik etmegi dowam etdirmeli, koronawirus üçin mümkin boldugyça köp synag geçirmeli, wirus ýokuşanlaryň gatnaşyklaryny yzarlamaly we olaryň bejergi alşyna we öz-özüňi izolýasiýa etmek düzgünine eýerişine gözegçilik etmeli. Şol bir wagtyň özünde Gebreýesus sanjymlaryň ilkinji toparlarynyň çäklidigini aýtdy: olary ilki bilen lukmanlar, garry adamlar we beýleki töwekgelçilik toparlary alar. Onuň aýtmagyna görä, bu ölüm derejesini peselder we saglyk ulgamlaryna ýagdaýa has gowy uýgunlaşmaga kömek eder, ýöne wirus şonda-da howp salmagyny dowam eder.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......