Türkmenistan dünýädäki milli brendleriň ilkinji ýüzlüginde

  • 16.11.2020 19:20
  • 10k+

Audit we brendlere baha bermek boýunça ýöriteleşen iňlis halkara konsalting kompaniýasy "Brand Finans" 2020-nji ýylda 100 sany milli brendiň täze reýtingini (Brand Finans Nation Brands 2020) tanyşdyrdy we Türkmenistan bu reýtingiň TOP-100 sanawyna girdi. Has takygy, ýurdumyz bu abraýly halkara reýtinginde 81-nji orunda ýerleşdi.

“Brand Finans” (“Brand Finans Nation Brands”) milli brendleriň reýtingi - milli brendleiň gymmatynyň görkezijileri boýunça dünýä ýurtlarynyň global derňewi we onuň bilen ugurdaş reýtingi. Ol bahalandyrma, jemi içerki önüm, maýa goýum we syýahatçylygyň özüne çekijiligi, syýasat we söwda düzgünleri, sosial taraplar we başgalar ýaly dürli görkezijileri öz içine alýar.
Derňewiň awtorlary bir ýurduň brendiniň ýagdaýy onuň abraýyna, özüni tanatmagyna we şu gününe hem-de geljegine düşünişine täsir edişi ýaly, döwletiň maddy hal-ýagdaýyna, dünýä ykdysadyýetinde bäsdeşlik we ösüş ukybyna hem gönüden-göni täsir edýär diýip hasaplaýarlar.
Brend-ýurtlaryň seljermesinde “Brand Finans” hökümet statistikalarynyň we halkara guramalar tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan gözleg netijeleriniň utgaşmasyndan peýdalanýar. Gözleg halkara guramalar - Menejment instituty we Bütindünýä ykdysady forumy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär. Deňeşdiriş gözleginiň esasynda her bir ýurda AAA-dan (güýçli milli brend) DDD-e (milli marka ýok) çenli baha berilýär. Brendiň indeksini-de şu harp kategoriýalary düzýär.
“Brand Finans”-yň ýyllyk gözlegine görä, 2020-nji ýylda dünýädäki iň gymmatly 100 brendiň bahasy COVID-19 pandemiýasy sebäpli 13,1 trillion dollar pese gaçdy.
Reýtingiň ilkinji 10 setirinde ýerleşýän ýurtlaryň arasynda marka bahasynyň ortaça peselmegi 14% boldy. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ we Hytaý iň gymmat brend-ýurdy bolup galdylar. Ýaponiýa Germaniýany üçünji ýerden, Italiýa bolsa Günorta Koreýany sanawda dokuzynjy orundan gysyp çykardy.

düýn 18:02
2.6k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 17:48
3.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 16:29
2.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

düýn 16:23
1k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......