BSGG COVID-e garşy rus sanjymynyň hilini barlamak kararyna geldi

  • 14.11.2020 19:33
  • 7.1k+

Russiýa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna öz derman önümlerini adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin sanjymlaryň sanawyna goşmagy teklip etdi. Häzirki wagtda taraplaryň arasynda gepleşikler dowam edýär diýip, RBC habar berýär.

BSGG adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin sanjymlaryň sanawyny henize çenli düzmedi we häzirki wagtda onuň üstünde işleýär.

"Biz olaryň Sputnik V dalaşgär-sanjymy baradaky maglumatlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Baha bermek üçin hödürlenen önüm sanawa goşmagyň talaplaryna laýyk gelse, BSGG netijeleri yglan eder" - diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy belleýär.

BSGG-niň bu sanawy adatdan daşary ýagdaýlarda täze hem-de ygtyýarnamasyz sanjymlary we beýleki önümleri ulanmagy aňsatlaşdyrýar diýilýär.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......