Türkmenistanda koronawirus ýokanjy bilen kesellemek ýagdaýy hasaba alynmady — Prezident

  • 14.11.2020 18:19
  • 31k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze açylan ýokanç keselleri hassahanasynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde eden çykyşynda geçirilen öňüni alyş işleriniň netijesinde, henize çenli ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen kesellemek ýagdaýynyň hasaba alynmandygyny belledi.

Häzirki döwürde dünýäde koronawirus pandemiýasy giňden ýaýrady. Bu ýokanç bütin adamzadyň abadançylygyna uly howp salýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şoňa görä-de, dünýäde ýiti öýken sowuklamasynyň ýüze çykan ilkinji günlerinden ýurdumyzda öňüni alyş çäreleri öz wagtynda geçirilip başlandy. Raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur işler amala aşyryldy. Döwlet serhedi aýratyn gözegçilige alyndy. Serhetde zerur çäklendirmeler girizilip, raýatlaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik güýçlendirildi. Bu ugurda ähli gulluklaryň işi sazlaşykly ýola goýuldy.
Orta we ýokary okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda, edara-kärhanalarda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli alnyp baryldy. Zerur bolan derman we sarp ediş serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, anyklaýyş hem-de beýleki zerur serişdeler ýeterlik möçberde satyn alyndy diýip, Türkmen Lideri belledi.
Aşgabatda we welaýatlarda karantin-tertip çärelerini berjaý etmek üçin ýörite bölümler açyldy. Ilat arasynda şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça giňden wagyz - nesihat we düşündiriş işleri geçirildi.
Türkmenistan bu ugurda hemişe beýleki döwletler bilen tejribe alşyp durýar. Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzümleri hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip gelýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Ýurdumyzyň Hökümeti bu ugurda zerur bolan çäreleri görmegi dowam edýär. Geçirilen öňüni alyş işleri netijesinde, henize çenli ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen kesellemek ýagdaýy hasaba alynmady. Bu bolsa, örän guwandyryjy ýagdaýdyr, biziň uly üstünligimizdir diýip, döwlet Baştutany kanagatlanma bilen belledi we başy başlanan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......