Türkmenistanda ýakyn wagtda birnäçe täze lukmançylyk edaralary gurlar

  • 14.11.2020 18:33
  • 8.4k+

Türkmenistanda ýakyn wagtda birnäçe täze lukmançylyk edaralary gurlar Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi.

Türkmen Lideri ýakyn wagtda şular ýaly birnäçe döwrebap lukmançylyk edarasyny gurmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ekologiýa fiziologiýasy keselleriň öňüni almakda lukmançylygyň binýatlyk esasy bolup durýar, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň umumy sazlaşygyny döredýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Aralýaka zolagy ýaly, oňaýsyz howa şertleri bolan sebitlerde keselleriň öňüni almagyň netijeli usullarynyň we serişdeleriniň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýandygyna ünsi çekip, Aşgabatda Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli täze hassahanany gurmagy tabşyrdy. Bu hassahana ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary bejermek üçin giň mümkinçilikleri döreder.
Şeýle hem hassahanada Aralyň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirlerini öwrenmek boýunça işler geçiriler. Bu ugurlar boýunça okuwlar we ylmy barlaglar alnyp barlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynyň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça täze Milli maksatnamany taýýarlamak we bu Maksatnamany Daşary işler ministrliginiň Araly halas etmek boýunça alyp barýan işleri bilen utgaşdyrmak tabşyryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurmagy tabşyrdy. Bu Merkezde saglygy goraýşyň epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we biologiýa, immunologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa howpsuzlygy ýaly ugurlarda düýpli ylmy-barlag işleri hem alnyp barlar.
Geçiriljek bu ylmy-barlag işlerinde keselleriň tebigy ojaklarynyň epidemiologiýasyny, olary döredijileriň genetikasyny öwrenmek, molekulýar biologiýa we immunologiýa boýunça biotehnologiýa we nanotehnologiýa usullary kesgitlener diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle hem ilatymyzy derman serişdeleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda derman öndürýän birnäçe täze fabrigi gurmak tabşyryldy.

04.04.2026 15:19
6.9k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

03.04.2026 21:00
3.6k+

Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin......

03.04.2026 20:56
11k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

03.04.2026 12:06
4.4k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......