Saglygy goraýyş ministrligi derman serişdeleriniň tapgyryny satyn alar

  • 14.11.2020 17:21
  • 6.9k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi derman serişdeleriniň uly tapgyryny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde bellenilip geçilýär.

Ilkinji nobatda, halkara talaplara laýyk gelýän, durmuşda wajyp derman serişdeleri, lukmançylyk harytlary we reagentler satyn alnar. Şeýle hem dermanlyk çig mallary hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler, zyýansyzlandyryş, himiki serişdeler, reaktiwler we enjamlar satyn alnar.
Belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Türkmenistan derman önümçiligini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3% ýokarlandyrdy.
Şol bir wagtyň özünde, şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli derman önümleriniň ätiýaçlyklary, olaryň ýylyň başyndaky mukdary bilen deňeşdirilende, 14% ýokarlandy.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin derman serişdelerini satyn almak boýunça halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalar 11-nji dekabra çenli kabul edilýär.

düýn 20:12
6k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

düýn 14:53
2.1k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....