“Apple” öz prosessorlary bolan MacBook-y we Mac-y tanyşdyrdy

  • 11.11.2020 13:15
  • 5.3k+

“Apple” Kupertinoda “Ýene-de käbir zatlar” atly tanyşdyrylyş dabarasynda özbaşyna çipleri bolan Mac kompýuterleriniň we MacBook Air noutbuklarynyň täze nusgalaryny görkezdi. Bu barada Interfax habar berýär.

“Apple” kompaniýanyň eýeçiligindäki M1 prosessorynyň bazardaky iň güýçli we täsirli prosessordygyny öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, täze çipli ilkinji kompýuter “MacBook Air” bolar. Ol zarýad bermezden 18 sagada çenli işläp biler we 2 TB çenli içerki ýat bilen enjamlaşdyrylar. ABŞ-da kompýuteriň esasy modeliniň bahasy 999 dollar bolar. M1 bilen enjamlaşdyrylan “Mac Mini” bolsa 699 dollara satylar.
Mundan başga-da, “Apple” täzelenen “MacBook Pro”-ny tanyşdyrdy - täze prosessoryň kömegi bilen ol zarýad bermezden 20 sagada çenli işlär. Şeýle hem 2TB çenli içerki ýat we 16 Gb RAM bilen üpjün ediler. Esasy modeliň başlangyç bahasy 1299 dollara barabar bolar.
Täze prosessor bilen işlemek üçin kompaniýa Mac OS Big Sur operasiýa ulgamyny döretdi. Bu operasiýa ulgamyny 12-nji noýabrda goýbermeklik meýilleşdirilýär.

düýn 15:53
806

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

düýn 12:29
1k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

düýn 08:07
1.2k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

düýn 07:51
1.6k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....