Aşgabadyň 16-njy tapgyr jaýlarynda “akylly öý” ulgamy ornaşdyryldy

  • 11.11.2020 01:55
  • 19k+

Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan, ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerde «akylly öý» ulgamy ornaşdyrylypdyr.

Bu ulgam belli bir gündelik işleri adam gatnaşmazdan ýerine ýetirmäge ukyplydyr.
Hususan-da, öňdebaryjy tehnologiýalaryna we Internet ulgamyna daýanmak bilen şunuň ýaly awtomatlaşdyrylan ulgam öýleriň eýelerine durmuşda ulanylýan enjamlaryň hereket edişine ykjam telefonlar arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu özboluşly taslama Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary tarapyndan taýýarlanyldy.
Ýeri gelende aýtsak, şunuň ýaly taslama Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary tarapyndan hem ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň geljekki hünärmenleri özleriniň ýokary tehnologiýalar ulgamynda alan bilimlerini innowasion taslamalary işläp düzmäge gatnaşmak bilen iş ýüzünde durmuşa geçirýärler.
Belläp geçsek, Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi.

düýn 10:31
5.5k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......