Koronawirusa garşy sanjym - dünýä jemgyýetçiliginiň peýdasyna

  • 10.11.2020 17:33
  • 7.7k+

Gebreýesus koronawirusa garşy sanjymy taýýarlamak meselesi barada söz açyp, şeýle sanjyma “hususy haryt däl-de, dünýä jemgyýetçiliginiň peýdasy” hökmünde garalmalydygyny aýtdy.

Assambleýa gatnaşyjylar koronawirusdan ýogalanlaryň hatyrasyna bir minut dymyşlyk yglan etdiler. Gebreýesus “häzirki agyr hadysanyň iň soňky däldigini” duýdurdy we döwletleri BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, “geosyýasy bölünişikden gutulmak”, saglygy goraýyş pudagynda deňsizligi ýeňip geçmek üçin agzybirlige çagyrdy.
Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasy BSGG-niň iň ýokary organydyr. Sessiýa her ýyl, adatça maý aýynda geçirilýär, oňa BSGG agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşýar. Assambleýanyň esasy wezipesi guramanyň işiniň global syýasy ugurlaryny kesgitlemekden ybarat. Assambleýa BSGG-niň baş müdirini belleýär. 2017-nji ýyldan bäri bu wezipäni Efiopiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ozalky ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus eýeleýär.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......