GM-iň sürüjisiz awtoulaglaryna San-Fransiskonyň köçelerine çykmaga rugsat berildi

  • 07.11.2020 18:20
  • 15k+

“General Motors” doly awtonom ulaglaryny Kaliforniýanyň San-Fransisko şäheriniň köçelerine çykarar. Bu barada awtoulag öndürijisiniň metbugat beýanatyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

GM-iň sürüjisiz awtoulaglary işläp taýýarlaýan “Cruise” bölümine Kaliforniýanyň transport departamenti tarapyndan şäher şertlerinde sürüjisiz awtoulaglary ulanyşa girizmek üçin resmi taýdan rugsat berildi. Ozal sürüjisiz awtoulaglaryň ulaga gözegçiligi üpjün edýän we zerur bolan halatynda dolandyryşy eline alyp biljek sürüjisi bolmalydy.
Ýakyn wagtda birnäçe awtonom awtoulaglary sürüjisiz synagdan geçirip başlamak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, “Cruise” ABŞ-nyň iri şäheriniň köçelerinde sürüjisiz ulaglary peýda boljak ilkinji kompaniýa bolar. Ondan öň şeýle awtoulaglary barlamaga diňe kiçi şäherçelerde rugsat edilipdi.

"Ýylyň ahyryna çenli sürüjisiz awtoulaglary San-Fransiskonyň köçelerine çykararys - benzinsiz we ruluň başy sürüjisiz. San-Fransiskonyň garma-gürmelilikli köçeleri - biziň başlangyç meýdançamyz. Hut şu ýerde biziň awtoulaglarymyz 2 million milden gowrak şäher synagyndan geçdiler we ilkinji gezek hakykatdan ýola düşýärler: elektrikli awtoulag sürmek üçin dünýäniň iň kyn şäherleriniň birinde özbaşdak hereket eder" - diýip, “Cruise”-iň baş direktory Den Ammann gürrüň berdi.

düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......