BSGG dünýä jemgyýetçiligini täze pandemiýa taýýarlanmaga çagyrdy

  • 07.11.2020 08:14
  • 11k+

Dünýä jemgyýetçiligine täze pandemiýa taýýarlanmak gerek diýen pikiri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 73-nji ýyllyk sessiýasynyň telekonferensiýasynyň (9-14-nji noýabr) öňüsyrasynda beren beýanatynda aýtdy. Bu barada ТАSS habar berýär.

“Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) adamzada täze pandemiýa taýýarlanmak gerek diýip hasaplaýar” – diýlip, habarda aýdylýar. Gurama bu mowzuga forumda maslahatlaşylmaly esasy temalaryň biri hökmünde garaýar.

Birinji bölegi 18-19-njy maýda Ženewada geçirilen 73-nji assambleýada “saglygy goraýyş ulgamynda gyssagly ýagdaýlara taýýarlygy güýçlendirmek hakynda” rezolýusiýany kabul etmek meýilleşdirilýär. Gurama ýurtlary adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy kämilleşdirmegi ýokary syýasy derejede ileri tutmaga çagyrýar.
BSGG berk we adatdan daşary ýagdaýlara taýýar saglygy goraýyş infrastrukturasy bolan ýurtlaryň koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýy çalt saklap, gözegçilik astyna alyp bilendiklerini belledi.
Belläp geçsek, forumda “unudylan” tropiki keseller bilen göreşmegiň 10-ýyllyk meýilnamasy, şeýle-de meningit, epilepsiýa we beýleki nerw näsazlyklary, çagalar we eneler üçin iýmitleniş meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......