«Belet Video» programmasy YouTube-y türkmen ulanyjylaryna elýeterli etdi

  • 15.11.2020 19:21
  • 54k+

Nähili programma?
«Belet Video» programmasy türkmen ulanyjylaryna dünýäniň iň meşhur saýty bolan YouTube-y elýeterli etdi. Islendik adam bu programmanyň üsti bilen YouTube-däki meşhur dünýä we türkmen blogerleriniň kanallaryny yzarlap biler.
YouTube saýtynyň ulanyş Düzgünnamasynyň çäginde hereket edýär we wideolaryň ählisiniň awtorlyk hukuklary goralandyr.

Haçan döredildi?
Ýarym ýyl öň esaslandyrylan «JAN Tehnologiýa» Hojalyk Jemgyýetiniň hünärmenleriniň önümi bolan bu programma 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan Türkmenistanyň çäginde ýaşaýanlara hyzmat edip başlady.

Kimler üçin niýetlenilen?
Wagtyny peýdaly hem gyzykly wideolara tomaşa etmek isleýän islendik ýaşdaky, kärdäki adam «Belet Video-dan» özüni gyzyklandyrýan wideosyny tapyp biler.
Çagalara güýmenje, şol bir wagtda hem öwrediji wideolar «Filmler we animasiýalar» kategoriýasynda;
Möhüm wakalardan, şol sanda ýurdumyzdaky täzeliklerden habarly bolmak üçin «Täzelikler» kategoriýasy («Watan» habarlar gepleşigi, Turkmenportal, CNN, Euronews, BBC);
«Aýdym», «Güýmenje», «Gülki», «Ylym we tehnika», «Syýahat», «Sport», «Bilim», «Aşpezlik» ýaly başga-da ençeme kategoriýalar bar.

Näme aýratynlygy bar?
Ulanyjylarynyň sany eýýäm 3 müňe ýeten «Belet Video» programmasynyň wideo gorunyň görlen sany 50 müňden geçdi. Programma gündelik 20 müňden gowrak wideo-kontent goşulýar. Şeýle hem:

  • YouTube-däki kontentleri hiç hili mahabatsyz (reklamasyz) görüp bolýar;
  • 5000-e golaý dünýä meşhur blogerleriň kanallaryna ýazylmak mümkin;
  • Programmanyň goldaw gullugy hepdede ýedi gün gije-gündizleýin hyzmat edýär;
  • Internet haýal işleýän ýerlerde hem wideonyň hili ýokary derejede saklanylýar;
  • Ulanyjylaryň islegleri öwrenilip, kanallaryň sany yzygiderli artdyrylýar.

Töleglimi?
«Belet Video» programmasyny ýükläp alanyňdan soň, 7 günläp ondan mugt peýdalanyp bolýar. 7 günden soň, programmanyň abuna tölegi her aýda 10 manat möçberde bellenen. Bu tölegler programmanyň hilini has hem kämilleşdirmek, şeýle hem täze programma önümlerini döretmek üçin alynýar.

Tölegi nädip geçmeli?
Abuna tölegini «Altyn Asyr» kartlarynyň, şeýle hem «Saraý» programmasynda TMСELL mobil telefondaky hasabyň üsti bilen amala aşyryp bolýar. Geljekde töleg terminallarynyň üsti bilen töleg geçirmekligi ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Programmany nireden ýükläp almaly?
Android operasion ulgamy bolan islendik mobil telefony arkaly Play Marketden «Belet Video» programmasyny ýükläp almak mümkin. Programmanyň AppStore üçin görnüşi häzir işlenilýär.
Programmany şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.

Programmany nädip işe girizmeli?
Programmany ýükläp alanyňdan soň, telefon belgiňi girizmek arkaly awtorizasiýa geçmeli. Soňra göwnüňize ýaran kanala ýazylyp, wideolara tomaşa edip bilersiňiz.

Geljekde nähili taslamalar bar?
«JAN Tehnologiýa» HJ ýurdumyzda sanly ulgamlara geçmek boýunça işlere mynasyp goşandyny goşmak maksady bilen, IT programmalarynyň dürli görnüşlerini çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa geljekde «Belet Films» hyzmatyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu programma filmleri, multfilmleri, türk, rus seriallaryny, şeýle hem şüweleňli gepleşikleri bir ýerde jemlär.

Habarlaşmak üçin
Programma barada goşmaça maglumaty belet.com.tm saýtyndan ýa-da +993 61 392241; +993 12 750208 telefon belgileri bilen habarlaşyp alyp bolar.
Email salgy: belet@jantechnology.com; support@jantechnology.com

03.06.2026 23:06
875

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

03.06.2026 10:42
886

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

03.06.2026 00:06
2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
5.9k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....