Türkmen awiasiýa hünärmenleri Tatarystanda gaýtadan taýýarlyk geçýärler

  • 05.11.2020 12:00
  • 12k+

2-nji noýabrda türkmen awiasiýa hünärmenleri Kazanda önümçilik okuwlaryna başladylar. Uçarmanlar üçin gaýtadan taýýarlamak maksatnamalarynda 172 sagat nazary, türgenleşik we uçuş tälimleri, inžener-tehniki işgärler üçin bolsa "Dikuçar we hereketlendiriji", şeýle hem "Awiasiýa we radioelektron enjamlar" hünärleri boýunça 270 sagat okuw göz öňünde tutulan. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.

Belläp geçsek, "Türkmenhowaýollary" agentligi 2020-nji ýylyň ýazynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň tiz lukmançylyk kömegine niýetlenilen "ANSAT" we "Mi-17-1V" dikuçarlaryny satyn almak üçin "Kazan dikuçar zawody" jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşdy.
Şertnamanyň şertlerine hünärmenleri taýýarlamak hem girýär. "Türkmenhowaýollary" 30 awiasiýa hünärmenini şertnamadaky şu şerte esaslanyp iberdi. Olaryň arasynda 8 uçuş düzüminiň işgäri we 16 inžener bar.
Şeýle hem, Tatarystanyň paýtagtyna barlag-goýberiş enjamlary bilen işlemek boýunça 5 sany laboratoriýa hünärmeni iberildi. Kazanda olar "Kazan dikuçar zawodynyň" kepillendirilen merkezinde uçuş amallary we bu ulgamlaryň dikuçarlaryny abatlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuwlary geçerler.
28-nji oktýabrda türkmen awiasiýaçylary Tatarystanyň paýtagtyna geldi, şol ýerde olar üçin "Kazan dikuçar zawodyna" gezelenç guraldy. Gezelenjiň dowamynda dikuçar tehnikasynyň ýaşaýşynyň işläp taýýarlamakdan başlap, tapgyrlaýyn goýberilişine çenli doly sikli görkezildi.
Şeýle hem Türkmenistan üçin uniwersal görnüşde ýasalan dikuçarlaryň önümçilik prosesi görkezildi. Häzirki wagta çenli dikuçaryň fýuzelýažlary eýýäm tamamlandy, gurnamak üçin hereketlendirijiler, reduktorlar we geçiriji elementler taýýarlandy. Dikuçarlaryň özleri "Türkmenhowaýollary" Agentliginiň lukmançylyk dikuçarlarynyň keşbinde reňklemäge taýýarlanyldy.
Lukmançylyk dikuçarlaryny Kazandan Türkmenstana ugratmak 2021-nji ýylyň mart aýynda meýilleşdirilýär.

düýn 10:51
806

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.3k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......