Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisi açyldy

  • 02.11.2020 22:40
  • 3.8k+

Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ol ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri sergä taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, “Wirtual sergi” taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň gazanylýan üstünlikleri beýan etmek, netijeli mahabat çärelerini guramak üçin oňyn mümkinçilige öwrüljekdigini belledi. Şeýle hem ol ygtybarly hyzmatdaşlaryň ýüze çykmagyna, täze şertnamalaryň baglaşylmagyna, bazaryň meýillerine we öz mümkinçilikleriňe göz ýetirmäge şert döreder.
Ýöriteleşdirilen internet-portallarda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, iri kärhanalary we sebitleri wirtual bölümleri gurap daşary ýurtly hyzmatdaşlary we beýleki köpsanly internet serişdelerini ulanyjylary alyp barýan işleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler we ýetilen sepgitler, uzakmöhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler we ägirt uly eksport kuwwatlyklary bilen tanyşdyrdylar.
Serginiň her bölüminde görkezilýän önümler we aragatnaşyk hem-de elektron poçta salgysy arkaly ýola goýulýan hyzmatlar baradaky maglumatlaryň türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilýändigini aýratyn bellemeli.
Geografiki taýdan çägi bolmadyk täze internet-taslamanyň dünýäniň ähli künjeklerinde uly meşhurlyga eýe bolmakdygy gürrüňsizdir.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......