Aşgabadyň merkezinde ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli toplum açyldy

  • 29.10.2020 15:10
  • 15k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyş dabarasy boldy.

Paýtagtymyzda täze gurlan ýol-ulag düzüminiň desgalar toplumy 4,5 gektar meýdanda ýerleşdirildi. Gurluşygyň umumy meýdany 44 340,95 inedördül metre deň boldy. Ýerasty geçelgäniň uzynlygy 350 metre barabardyr.
Şeýlelikde, S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgäniň üstünde özboluşly kub görnüşindäki «Mahabat» binasy oturdylyp, onuň boýy we ini 16 metre barabardyr. Binanyň granlary Oguz hanyň ýyldyzy görnüşinde ýerine ýetirilip, onda oturdylan wideoekranlarda dürli mahabatlar we beýleki maglumatlar görkeziler. Binanyň 5 metrlik sütünini hasaba almak bilen, onuň umumy beýikligi 21 metre barabardyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak hem-de eltiji inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek türkmen telekeçilerine ynanyldy.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......