Türkmenistanyň konsullyk hyzmatlary resminamalary onlaýn tassyklamaga başlar

  • 27.10.2020 19:15
  • 9.4k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi raýatlary konsullyk ýazgylarynda hasaba almagyň tertibini sanlylaşdyrmak we resminamalary tassyklamagy internet arkaly ýönekeýleşdirmek maksady bilen, ýurduň konsullyk hyzmatlary üçin programma üpjünçiligini satyn almakçy bolýar. Muny ORIENT habar berýär.

Programma üpjünçiligi bilen üpjün edijini 30-njy oktýabrda döwlet satyn alyş auksionynyň çäginde kesgitlemek meýilleşdirilýär. Çäre Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda bolar.
Daşary ýurtlaryň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň konsullyk hyzmatlary ýurduň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Olar notariusyň wezipelerini ýerine ýetirýärler, konsullyk kanunlaşdyrmasyny alyp barýarlar we beýleki hyzmatlary edýärler.
Konsullyklar daşary ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we durmuş-medeni hyzmatdaşlygyň ösmegine hem goşant goşýarlar. Hyzmatlaryň sanlylaşdyrylmagy olara fiziki şahslar bilen gatnaşyklary aňsatlaşdyrmaga we gündelik proseduralary çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......