Gurbanguly Berdimuhamedow skandinaw ýörişi bilen meşgullandy

  • 26.10.2020 13:10
  • 14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç etdi. Milli Liderimiz welosipedli gezelenjini dowam edip, daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda sagaldyş maşklarynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Sportuň bu görnüşi adamyň beden agzalaryny, aýaklarynyň we elleriniň bogunlaryny berkidýär, ýürek-damar we dem alyş ulgamlarynyň işjeňligini artdyrýar.
Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar hem-de halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşmaga hemişe wagt tapýar.
Düýn döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Hanbeg atly bedew bilen didarlaşdy. Hormatly Prezidentimiz milli seýisçilik däplerine laýyklykda bedewe ideg etdi hem-de onuň bilen birsellem gezelenç etdi.

düýn 15:15
971

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......