“Barselonanyň” baş tälimçisi Kuman oýundan çetleşdirilip bilner

  • 26.10.2020 08:50
  • 9.2k+

Katalon “Barselonasynyň” tälimçisi Ronald Kuman “Real” bilen oýunda “gök-gyzyllara” garşy hereket etdi diýip pikir eden VAR (Arbitrlere wideo kömek ulgamy) wekillerini tankytlandygy üçin jezalandyrylyp bilner. Bu barada euro-football.ru belläp geçýär.

“Diario Sport” neşiriniň habar bermegine görä, Kuman VAR-yň hemişe “Barselona” garşy hereket edendigini birnäçe gezek aýtdy. Özüniň nägileligini Kuman oýundan soňky metbugat maslahatynda hem bildirdi. La Ligada VAR-yň resmi iş düzgünlerine laýyklykda, emin komitetiniň işgärleriniň dogruçyllygyny we bitaraplygyny şübhe astyna almak düýbünden gadagan edilýär we düzgün bozulan halatynda resmi adamlara hormatsyzlyk görkezilendigi sebäpli temmi çäreleri ulanylýar. Bu ýagdaýda diskwalifikasiýa möhleti 4-den 12 oýna çenli barabar bolýar. Kumana 3 müň ýewro möçberinde jerime hem salnyp biler.
Bu waka Ispaniýanyň Korol futbol assosiasiýasynyň komiteti tarapyndan gysga wagtda serediler.
Ýatlap geçsek, “El Klasikoda” “Barselona” öz öýünde 1:3 hasaby bilen Madrid klubyndan ýeňilipdi. “Barselonanyň” ýeke-täk goluny Fati geçirdi, “Realda” bolsa Walwerde, Ramos we Modriç tapawutlandy. Häzirki wagtda “Şa klubynyň” hasabynda “Barselona” bilen oýunda 97 ýeňşi bar. Katalonlylar, öz gezeginde, madridlileri 96 gezek utmagy başardylar.

şu gün 11:22
3.1k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

düýn 18:58
7.7k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......

düýn 17:43
2.8k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 16:07
4.8k+

Messiniň «Inter Maýamidäki» zähmet haky $28 mln-dan geçdi: MLS-de ondan köp alýan ýok

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi 2026-njy ýylyň möwsüminiň netijeleri boýunça MLS-iň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Liganyň oýunçylarynyň kärdeşler arkalaşygynyň......