AstraZeneca sanjymynyň synagyna gatnaşan braziliýaly COVID-19-dan ýogaldy

  • 25.10.2020 23:16
  • 10k+

Braziliýada AstraZeneca sanjymynyň lukmançylyk synagyna gatnaşan meýletinçi koronawirusdan ýogaldy. Sanjymyň ýerine oňa plasebo berildi. Bu barada “Globo” gazetine salgylanmak bilen Info24 habar berýär.

Plasebo – çak edilýän täsiriň hassanyň dermanyň täsirliligine bolan ynamy bilen üýtgedilip bilinjek barlaglarda bir derman serişdesine meňzeş etmek üçin ulanylýan, hiç hili bejergi häsiýeti bolmadyk madda.
Braziliýanyň Sanitar gözegçilik boýunça milli agentligine salgylanyp, çeşmeleriň gazete berýän habaryna görä, ýogalan hassa 28 ýaşyndady. Lukmanlar koronawirus sebäpli dörän kynçylyklary ölümiň sebäbi diýip ykrar etdiler.
AstraZeneca britan-şwed farmasewtik kompaniýasy bu derman serişdesini Oksford uniwersiteti bilen bilelikde taýýarlady.
Braziliýada AstraZeneca sanjymyny synagdan geçirmegiň halkara maksatnamasyna jemi 8 müň adam gatnaşýar. Meýletinçileriň ýarysyna sanjym dozasy, galanlaryna bolsa plasebo berildi.
Kompaniýa Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Braziliýada we Günorta Afrikada hem derman serişdesini synagdan geçirýär.
Oksford uniwersiteti we AstraZeneca synaglary eýýäm iki gezek togtatdy. Iýulda bir meýletinçide skleroz ýüze çykaryldy. Keseliň synag bilen baglanyşygynyň ýokdugy anyklanyldy. Sentýabrda metbugatda synaga gatnaşyjyda ters täsiriň – oňurga ýiliginiň çişme keseliniň ýüze çykandygy barada habar peýda boldy. Kompaniýa bu habary ret etdi we synaglaryň togtadylmagynyň “adaty häsiýetlidigini we sebäbi näbelli bolmadyk näsazlyk ýüze çykanda hemişe-de şeýdilýändigini” aýtdy.
AstraZeneca sanjymy şimpanze adenowirusyna esaslanýar.

düýn 20:12
3.6k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

düýn 14:53
1.6k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....