ABŞ-da koronawirusy ýok ediji örtük döredildi

  • 25.10.2020 13:33
  • 17k+

Massaçusets Tehnologiýa Uniwersiteti (MIT) ýokary temperaturanyň kömegi bilen wiruslary ýok edýän agyz-burun örtügini ​​döretdi. Onda howa izolirleýji material bilen gurşalan gyzgyn mis torundan geçýär. Bu barada 360tv.ru habar berýär.

Temperaturanyň adamy ýakmazlygy üçin mis tor neopren bilen gurşalandyr. Ol batareýanyň kömegi bilen Selsi boýunça 90 gradusa çenli gyzýar. Amerikan uniwersitetiniň web sahypasynda aýdylmagyna görä, örtük ​​dem alnanda hem, dem goýberilende hem COVID-19 bölejiklerini ýok edip bilýär.

Oýlap tapyjylaryň biri, himiýa inženerçiliginiň professory Maýkl Strano: "Bu ýagdaý örtüklere mahsus düýbünden täze ýörelge, sebäbi ol wirusy bökdemeýär-de, haýalladyp, güýçden gaçyrýar" - diýdi.

Alym bar bolan örtükleriň diňe wiruslary saklamak üçin döredilendigini aýtdy. Şeýle hem ol "hiç kimiň wirusy ýok etmek we howany sterilizasiýa etmek hakda pikir etmeýändigine" geň galýar.
Gözlegçiniň pikiriçe, gyzdyrylan örtükler mata ýa-da hirurgiki örtüklerden has gymmat bolar. Şeýle-de bolsa, koronawirus ýokaşma töwekgelçiligi ýokary bolan ýerlerde ulanylyp bilner.

şu gün 09:54
143

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:53
2.5k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
2.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....