El-klasikonyň ýeňijisi - "Real"

  • 24.10.2020 23:30
  • 12k+

"Barselona" Ispaniýanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynda madridli "Realy" kabul etdi. “Kamp Nou” stadionynda geçen duşuşyk madridlileriň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Hasap duşuşygyň eýýäm bäşinji minudynda açyldy. Karim Benzemanyň başlan hüjümi Federiko Walwerdeniň goly bilen tamamlanyp, "Realy" bada-bat öňe saýlady. Bary-ýogy üç minutdan soň gök-narynçlar hasaby deňlediler. Goluň awtory ýaş Ansu Fati boldy. Fati häzirki wagtda el-klasikoda iň köp gol geçiren iň ýaş oýunçy bolup durýar.
Duşuşygyň ikinji ýarymda Zinedin Zidanyň şägirtleri öňe saýlandy. Klement Langleniň jerime meýdançasynyň içinde düzgüni bozmagy bilen, 63-nji minutda "Barselonanyň" derwezesine 11 metrlik jerime urgusy bellenildi. Jerime urgyny Serhio Ramos dürs ýerine ýetirip, hasaby 1:2-ä çykardy. Duşuşygy eminiň jürlewüginden ozal Luka Modriçiň goly jemledi diýmek bolar. Modriçiň hasaby 1:3-e ýetirmegi bilen duşuşygyň ýeňijisi has aýdyň boldy. Oýundan ozal duşuşygyň öňdebaryjysy hasaplanan "Barselona" Ronald Kumanyň tälimçiligindäki ilkinji el-klasikosyny, şeýdip, şowsuz tamamlady. Oňa derek Zinedin Zidan "yrgyldap duran" tälimçilik kürsüsini has-da "berkitdi".
Şeýlelikde, Real Madrid 13 utuk toplap, Ispaniýanyň çempionatynyň tablisasynda birinji ýeri eýeledi. Barselona bolsa 7 utuk bilen 10-njy ýerde.

şu gün 11:51
2k+

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....

şu gün 11:31
1.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....