Türkmenistan ÝHHG-niň Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň mejlisinde beýannama bilen çykyş etdi

  • 24.10.2020 19:55
  • 7.3k+

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň 23-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan howpsuzlyk strategiýasy” atly beýannama bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Beýannamada, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Hemişelik Bitaraplyk statusynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden dabara edýändigini, bu senäniň ýurdumyzyň taryhynda möhüm waka bolup, Hemişelik Bitaraplygyň daşary syýasatymyzyň özenini düzýändigi bellenildi.
Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň häzirki zaman wehimlere garşy strategiki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin BMG-niň degişli edaralary, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen berk hyzmatdaşlygy ýola goýulandygy, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň” hem-de “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň” kabul edendigi nygtaldy.
Şeýle-de, beýannamada ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, dawalary we jedelleri parahatçylykly we syýasy ýollar arkaly çözmegiň berk tarapdary hökmünde çykyş edýändigi, bu babatda BMG-niň degişli institutlary, ÝB, ÝHHG, GDA we beýleki halkara guramalary hem-de dünýä jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýändigi we howpsuzlyk meselelerini çözmekde halkara tagallalaryna doly ygrarly bolup galýandygy aýdyldy.

şu gün 12:01
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

şu gün 11:48
2k+

Eurostat ÝB ýurtlarynyň durmuş derejesiniň düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi

2025-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ÝB ýurtlarynyň arasynda ilat başyna düşýän girdeji we durmuş derejesi boýunça düýpli parhlanýar. Eurostat-yň barlagynda bahalaryň arasyndaky tapawutlar hem hasaba alyndy....

şu gün 11:29
2k+

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy

8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly......

düýn 16:50
2.5k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......