BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygyna we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 24.10.2020 17:00
  • 4.6k+

Düýn, 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Birleşen Milletler Guramasy: Halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahat bilen ugurdaşlykda bu şanly senelere bagyşlanan adybir sergi hem geçirildi.
Maslahatyň işine ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistandaky diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli gazet-žurnallaryň baş redaktorlary hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.
Mazmuna baý çykyşlaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň, Onuň Tertipnamasynyň, ýörelgeleriniň we maksatlarynyň aýratyn ähmiýeti barada gürrüň edildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň hemişelik syýasatynyň ähmiýeti, onuň ýurduň halkara giňişligindäki ornunyň pugtalandyrylmagyndaky goşandy dogrusynda gürrüň edildi. Halkara maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......