Tejribe arkaly iň gorkunç filmleriň sanawy düzüldi

  • 23.10.2020 06:35
  • 16k+

Broadbandchoices portalynda bir tejribe geçirildi we onuň netijesinde tutuş taryhyň dowamynda iň gorkunç filmler belli edildi. Bu barada kulturomania.ru habar berýär. Tejribe “Gorky ylmy” taslamasy” adyny aldy. Oňa dürli ýaşdaky toparlardan tomaşaçylar gatnaşdy. IMDb, Rotte Tomatoes we Reddit web-saýtlarynyň pikiriçe saýlanan tomaşaçylar has gorkunç, iň aýylganç filmlere tomaşa etdiler. Tejribe geçirijiler tomaşaçylaryň filmi görýän pursatynda ýürek urgusynyň tizligine gözegçilik etdiler. Ýüregiň has çalt urmagyna sebäp bolan filmler birinji orunlara mynasyp boldy. Baş rolda Itan Houkyň oýnan “Sinister” filmi birinji orny eýeledi.

Skott Derriksonyň 2012-nji ýylda surata düşüren kartinasy tejribä gatnaşyjylaryň ýüreginiň minutda ortaça 86 urgy urmagyna getirdi – bu tutuş derňewiň dowamyndaky (minutda 65 urgy) ortaça görkezijiden 32% köpdür.
“Astral” we “Kasam” filmleri hem ilkinji üçlükde orun aldy. “Astral” filminiň käbir epizodlary tomaşaçylaryň ýüreginiň minutda 133 urgy urmagyna sebäp boldy.
“Kasam” filmine tomaşa edenleriň ýüregi minutda 85 gezek urdy.
Ilkinji onluga “Reinkarnasiýa”, “Adatdan daşary hadysa”, “Ol”, “Kasam 2”, “Babaduk”, “Aşak” we “Baryp görmek” filmleri hem girdi.

şu gün 15:15
843

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
3.1k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.3k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......