Lukmanyň maslahaty: deriňiziň aladasyny edýän bolsaňyz...

  • 23.10.2020 12:40
  • 14k+

Endokrinolog Albina Komissarowa diňe iýmitiň däl, eýsem idegiň hem deriniň ýagdaýyna täsir edýändigini habar berýär. Ilki bilen barlanylan usullar arkaly deriňize ideg etmeli, diňe şondan soň iýmitleriňiziň arasynda zyýanly önümleri aýyrmaly. Bu barada tdnu.ru belläp geçýär.

Lukman suwy ortaça ýagdaýda içmelidigini düşündirýär:

“Eger-de siz bir aýlap suw içmeseňiz, ir-iýmişleri we gök önümleri iýmeseňiz, siziň deriňiz gurak bolar. Ýöne köplenç, deriniň gurak bolmagy daşky gurşawyň çyglylygynyň ýeterlik däldigi we derä ýeterlik derejede ideg edilmeýändigi bilen hem bagly bolýar”.

Şekeri seresaplylyk bilen kabul etmeli. Glýukozanyň artykmaç mukdary düwürtikleriň döremegine getirýär. Mundan başga-da, şeker kollagen süýümlerini birleşdirýän maddalaryň emele gelmegine sebäp bolýar, şonuň netijesinde deri özüniň çeýeligini ýitirýär.
Alkogol içgilerini aşa köp içmek psoriazyň (hroniki çişme deri keseli) ýa-da deri rak keseliniň döremegine getirip biler.
Lukmanyň bellemegine görä, glýuten önümleri deriniň ýagdaýyna hiç hili täsir etmeýär. Süýt önümleri hem düwürtigiň döremek howpuny ýokarlandyrýar. Munuň üçin süýt, kefir we ýogurt ýaly iýmitleri az peýdalanmaga çalyşmaly.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......