Gruziýanyň alymlary türkmen talyplaryna onlaýn sapaklary geçdiler

  • 21.10.2020 11:45
  • 6.9k+

Ynsanperwer ugurda türkmen-gruzin gatnaşyklaryny giňeltmek we iki döwletiň ylym-bilim merkezleriniň arasyndaky gepleşikleri işjeňleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin onlaýn sapaklar gurnaldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.

13-nji oktýabrda Gruziýanyň Söwda-senagat palatasynyň baş müdiri, “Täze Ýüpek ýoly” taslamasynda Gruziýa hökümetiniň wekili, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň Lewan Mikeladze adyndaky Diplomatik bilim we barlag institutynyň ylmy işgäri, ilçi Dawid Apsiauri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna “Ulag diplomatiýasy” diýen mowzuk boýunça leksiýa okady.
Leksiýanyň dowamynda ulag diplomatiýasynyň ugurlary, siwilizasiýany we Gündogar bilen Günbataryň özara gatnaşygyny ösdürmekde Beýik Ýüpek ýolunyň orny, şeýle-de halkara ykdysady integrasiýa prosesinde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň (TPASEKA, Lapis-Lazuli, Hazar deňzi-Gara deňiz we beýlekiler) mümkinçilikleri gözden geçirildi. Bu nukdaýnazardan, ulag pudagynda global meseleleri çözmekde BMG we beýleki abraýly guramalar bilen gepleşikleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
20-nji oktýabrda wideo köpri Tbilisiniň döwlet lukmançylyk uniwersiteti (TDLU) bilen M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetini birleşdirdi. Türkmen talyplary üçin TDLU-nyň ýokanç keselleri departamentiniň ýolbaşçysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Elza Waşakidze tarapyndan COVID-19 meselesi boýunça onlaýn sapak gurnaldy.
Leksiýanyň dowamynda koronawirus ýokanjynyň öňüni almak, diagnoz goýmak we bejermek boýunça möhüm meselelere seredildi. Mugallym Gruziýadaky ýagdaý we hökümetiň COVID-19-a garşy göreş çäreleri barada maglumat berdi.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......