Häzirlikçe COVID-19-a garşy täsirli ýeke-täk derman

  • 18.10.2020 21:39
  • 21k+

Häzirki wagtda COVID-19-yň agyr görnüşi bilen kesellän näsaglara peýda edýän ýeke-täk derman deksametazondyr. Muny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) başlygy Tedros Adanom Gebreýesusa salgylanyp, RBC habar berýär.

"Häzirki wagta çenli kortikosteroid deksametazon COVID-19-a garşy täsirini görkezen ýeke-täk bejeriş serişdesidir" - diýip, guramanyň metbugat gullugy Gebreýesusyň sözlerini getirýär.

BSGG-niň başlygy beýleki iki dermanyň - remdesiwiriň we interferonyň garaşylýan netijeleri görkezmeýändigini aýtdy.
Deksametazon - sowuklama garşy we immunodepressiw täsirli derman. Ol, adatça, awtoimmun kesellerini, şol sanda deri inçekeselini bejermek üçin giňden ulanylýar. Ony bodibildingde myşsa massasyny artdyrmak üçin ulanýanlar hem tapylýar, emma bu doping serişdeleriniň sanawyna girýär.
Bu derman ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa koronawirus ýokuşanda bejergi berýän lukmanlar tarapyndan ulanylypdy. Ýöne lukmanlar Amerikanyň liderine remdesiwir hem beripdiler.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......