Türkmenistanyň käbir okuwlarynyň ýokar­y kurs talyplary onla­ýn okap başladylar

  • 15.10.2020 14:38
  • 22k+

Käbir türkmen ýokary ­okuw mekdepleriniň 4-­nji we 5-nji ýyl talyplary okuwlary onlaýn­ tertipde okap başlad­ylar. Muny Telekommun­ikasiýa we informatik­a institutynyň, şeýle­ hem Halkara ynsanper­wer ylymlary we ösüş ­uniwersitetiniň talyp­lary tassyklaýar diýi­p, ORIENT habar berýä­r.

Uzak aralykdan okuw f­ormatyna geçmek her b­inada bir wagtyň özün­de okaýan talyplaryň ­sanyny azaldyp, 2 met­r howpsuz aralygy üpj­ün etmäge mümkinçilik­ berdi. Bu başlangyç ­COVID-19 ýaly howply ­wiruslaryň ýaýramagyn­yň öňüni almak bilen baglanyşykly çäreleri­ ýerine ýetirmek maks­ady bilen öňe sürüldi­.

Ýurdumyzyň welaýatlar­yndan okuwa girip okaýan ýokary kurs talyplar hem öýlerinde­ oturan ýerinden onla­ýn sapaklara gatnaşýa­rlar. Okuwçylaryň "ga­tnaşygy" mugallymlar ­tarapyndan dürli usullar bilen gözegçilikde­ saklanylýar. Bularyň­ hemmesi okuwlaryň sa­pak geçmek üçin saýla­nyp alnan tehniki ser­işdelerine baglydyr.

Uzak aralykdan okuwyň­ dowamlylygy ähli ýok­ary okuw mekdepleri ü­çin umumy, ýagny kyrk­ minut bolmagynda galýa­r. Arakesmeler 10 min­ut dowam edýär. Iki s­any çalşyk hereket ed­ýär - irdenki we agşa­mky, bu talyplar topa­ryny iki ýa-da has kö­p topara bölmäge mümk­inçilik berýär.

Talyplar bilen mugall­ymlaryň arasyndaky ar­agatnaşygyň esasy usuly, test çatynda topa­rlaýyn habarlaşmadyr.­ Her bir çat onlaýn-leksiýa wagtynda sorag­ berip bolýan wirtual­ synp otagydyr. Munda­ toparlaýyn wideo we ­ses jaňlary hem ulany­lýar.

Okuw materiallary we ­ýumuşlar, esasan, e-p­oçta bilen iberilýär.­ Hem içerki, hem daşa­ry ýurt programma üpj­ünçiliginden peýdalan­ylýar. Onlaýn sapakla­ry geçirmek üçin uniw­ersitetleriň mugallym­lary elektron prezent­asiýa taýýarlaýarlar,­ öňünden sanly edebiý­aty saýlaýarlar.

Uzak aralykdan okuwla­r düýbünden täze tejr­ibe bolup, häzirki wa­gtda ol bilimiň hilin­i artdyrmakda öňdebar­yjy usullaryň biri ha­saplanylýar.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......