BAE Russiýanyň “Sputnik V” sanjymynyň kliniki synaglaryny geçirer

  • 13.10.2020 15:38
  • 5.8k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň Saglygy goraýyş we öňüni alyş ministrligi ýurtda Russiýanyň “Sputnik V” koronawirusa garşy sanjymynyň kliniki synaglarynyň III tapgyrynyň geçirilmegini makullady. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň metbugat relizine salgylanmak bilen TASS ýazýar.

Habarda synaglaryň BAE-de öňdebaryjy labaratoriýa hyzmatlary bilen üpjün ediji PureHealth-iň hemaýat bermeginde we Abu-Dabiniň saglygy goraýyş departamentiniň hem-de ýurduň Saglygy goraýyş we öňüni alyş ministrliginiň gözegçilik etmeginde geçjekdigi bellenilýär. BAE-de iň ýokary halkara ülňülerine laýyklykda geçirilýän kliniki synaglaryň çäginde meýletinçiler sanjymdan soň, 90 gün lukmançylyk gözegçiliginde bolarlar.
Döwlet kliniki barlaglary geçirmek üçin ulanyp boljak öňdebaryjy sanly tehnologiýalar bilen birlikde, dünýä derejesindäki lukmançylyk infrastrukturasyna eýedir.
BAE Ýakyn Gündogarda “Sputnik V” sanjymynyň kliniki synaglaryny geçiren ilkinji döwlet bolar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Saglygy goraýyş we öňüni alyş ministri Abdulrahman ben Muhammed Al Oweýsiň bellemegine görä, ýurduň ilaty dürli-dürli bolansoň, onuň ýurdy koronawirusa garşy sanjymyň barlaglary üçin ajaýyp ýerdir.
Ýurtda “Sputnik V” sanjymynyň kliniki synaglarynyň netijeleri häzirki wagtda Moskwada 40 müň meýletinçiniň gatnaşmagynda dowam etdirilýän Russiýada hasaba alnyşdan soňky barlaglaryň netijeleri bilen birleşdiriler. Wagtlaýyn netijeler 2020-nji ýylyň noýabrynda neşir ediler.
Belläp geçsek, BAE-de 107 293 adam koronawirus bilen keselledi, 98 555 adam sagaldy, 446 adam ýogaldy.

düýn 15:19
5k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

03.04.2026 21:00
3.1k+

Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin......

03.04.2026 20:56
9.3k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

03.04.2026 12:06
3.9k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......