Türkmenistan sanjym ulgamyny bozman galan az sanly ýurtlaryň biridir

  • 12.10.2020 23:40
  • 14k+

Türkmenistan ilata mugt sanjym etmekde durnuklylygy saklamagy başardy. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy oktýabrda täze saglygy goraýyş merkezleriniň açylyş dabarasynda aýtdy.

COVID-19 pandemiýasy sebäpli köp ýurtlarda saglyk ulgamlary immunizasiýa babatda bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri birnäçe ýurtda täze doglan bäbekleriň we uly ýaşly çagalaryň dürli wirus ýokançlyklaryna garşy sanjymlary almaýandyklaryny, munuň bolsa geljekde köpçülikleýin immunitetiň gowşamagyna we on müňlerçe adamyň heläk bolmagyna sebäp bolup biljekdigini habar berdiler.
Türkmenistan koronawirus döwründe ilata yzygiderli sanjym ulgamyny bozman saklamagy başaran sanlyja ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurtda 14 ýokanç kesele garşy mugt sanjymlar edilýär.
BSGG-niň maglumatlaryna görä, uzak möhletleýin yzygiderli sanjym etmek ýurtlaryň ykdysady ösüşine oňyn täsir eder, sebäbi immunizasiýa ömrüň dowamlylygyny ýokarlandyrýar we zähmete ukyply ilatyň paýynyň artmagyna sebäp bolýar.
Ýadymyzda bolsa, türkmen häkimiýetleriniň BMG we ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde oktýabr aýynda Türkmenistana difteriýa, gepatite, inçekesele hem-de beýleki kesellere garşy 180 kub metr sanjym gelip gowşupdy.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......