Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

  • 09.10.2020 10:03
  • 14k+

Düýn özbek tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistan we Özbegistan pandemiýanyň döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen netijeli işleri geçirýärler.
Türkmen Lideri ýurdumyzyň özara peýdaly tejribäni alyşmak üçin ylmy-lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, bilelikdäki tagallalar arkaly bu çylşyrymly wezipäni çözmekde üstünlikleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem telefon söhbetdeşliginiň barşynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriş duşuşygyny geçirmek hakynda mesele gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu duşuşygy 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.
Bu teklibiň goldanan ýagdaýynda Türkmenistan öňde agzalan mesele boýunça degişli guramaçylyk işine başlamaga taýýardyr. Öňde boljak sammiti geçirmegiň senesi we gün tertibi barada aýdylanda, olary sebitiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ylalaşmak teklip edilýär.

düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 23:57
1.3k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......