Türkmen-gazak serhedinden awtoulag ýük daşamalary synagdan geçirilip başlandy

  • 08.10.2020 13:43
  • 11k+

Türkmenistan ýurduň eksport-import mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara ýük daşamalarynyň Düzgünlerine laýyklykda, türkmen-gazak serhedindäki Garabogaz-Temirbaba barlag-goýberiş nokadyndan awtoulag ýük daşamalaryny synagdan geçirmegiň ilkinji tapgyryna badalga berdi, diýip ORIENT agentligi habar berýär.

Bir aý dowam etjek synag tapgyrynda türkmen hem-de daşary ýurt ýük ulaglary bilen harytlaryň aragatnaşyksyz daşalmagyny göz öňünde tutulýar. Ýük awtoulaglarynyň daşary ýurtly sürüjileriniň döwlet serhedinden geçmezlikleri üçin barlag-goýberiş nokatlarynyň arasynda ýörite meýdança guralan. Onda çakylyklary we beýleki resminamalary hasaba almak galtaşyksyz amala aşyrylar.
Şol bir wagtyň özünde, türkmen hem-de daşary ýurt awtoulaglarynyň giriş we çykyş wagty çäklendirilmez.

düýn 16:30
573

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 23:57
1.3k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......