Türkmenistan we ÝUNISEF waksinalary satyn almagyň Meýilnamasyna gol çekdi

  • 06.10.2020 19:54
  • 8.7k+

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingi açyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady.
Öz çykyşlarynyň barşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän Milli immunizasiýa maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary görkezijilerini beýan etdi. Ol «ýurtda durnukly maliýeleşdirmegiň köp ýyllyk tejribesi immunizasiýanyň kuwwatly ulgamyny kemala getirmäge ýardam etdi», diýip nygtady.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand Türkmenistan bilen saglygy goraýyş, hususan-da çagalaryň saglygyny goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ýokary berdi. Hanym Weýgand «Türkmenistan ählumumy waksinasiýa derejesiniň saklanylmagy boýunça sebitde we dünýäde öňdeligi eýeleýändir» diýip aýtdy. Özüniň çykyşynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy hanym Paulina Karwowska Türkmenistanyň BSGG, şeýle-de beýleki halkara hyzmatdaşlary we donorlary bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary netijeliligini belläp geçdi.
Bu temany Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso dowam etmek bilen, Brýusseliň saglygy goraýyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini we global pandemiýa şertlerinde saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň öňüni alyş meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini goldaýandygyny belläp geçdi.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa «Türkmenistanyň immunizasiýa ulgamynda üznüksiz we giň gerimli işleri alyp barmak hem-de ilatyň saglygyny goramak ugrunda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň netijeli ulanylmagy arkaly soňky ýyllaryň içinde ähmiýetli görkezijileri gazanandygyny» nygtady.
Çäräniň dowamynda şeýle-de “2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF-iň arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna” gol çekmek dabarasy geçirildi.

düýn 12:32
4.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......