Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 05.10.2020 13:20
  • 4k+

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijiniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, demir ýolunyň, elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda köpugurly ulag hem-de energetika taslamalarynyň üstünlikli ilerledilýändigi bellenilip geçildi. Taraplar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir bu iri göwrümli taslamalara gatnaşyjy-ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine uly goşant goşýandygyny nygtadylar.

düýn 16:30
539

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 23:57
1.3k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......