Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi şol bir wagtda Ysraýyldaky ilçi wezipesine bellenildi

  • 03.10.2020 15:01
  • 6.1k+

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi (rezidensiýasy Rim şäherinde) Toýly Kömekow şol bir wagtda ýurdumyzyň Ysraýyl döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi. Degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi, diýip TDH agentligi habar berýär.

T.Kömekow 2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Italiýadaky ilçihananyň ýolbaşçysy wezipesine bellendi. Mundan öň, ol Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi bolup işläpdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň Azerbaýjandaky we Gruziýadaky ilçihanalaryna ýolbaşçylyk edipdi.

düýn 18:04
3.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
2.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......