Donald Tramp koronawirus bilen keselledi

  • 02.10.2020 18:51
  • 29k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özünde hem-de maşgalasy Melanýada koronawirusyň ýüze çykaryldygyny habar berdi, diýip Ria NOWOSTI ýetirýär.

«Şu gün ABŞ-nyň birinji zenany we men COVID-19 boýunça barlagda položitel jogap aldyk. Biz dessine karantin çärelerine we bejergi almaga başlarys. Bu çagyryşy biz bilelikde döz geleris!» diýip, Tramp Twitter sahypasynda ýazypdyr.

Lukmanyň berýän maglumatlaryna görä, Prezident we onuň aýaly özüni oňat duýýar we Ak öýde galyp, öz wezipe borçlaryny berjaý edýär. Öň, Trampyň ýaky kömekçisi Houp Hiksiň koronawirus bilen kesellänligi mälim bolupdyr.
Fox News teleýaýlymyna telefon arkaly beren interwýusynda öňküsi gün agşam Tramp özünde hiç hili kesel alamatlarynyň bolmandygyny aýtdy.
Az soňra mälim bolmagyna görä, Tramp koronawirus bilen kesellänligine garamazdan, öz wezipe ygtyýarlyklaryny wagtlaýyn wise-prezident Maýkl Pense geçirmeýär. Bu barada Ak öýüň metbugat sekretarynyň orunbasary Jad Dir TASS agentliginiň habarçysyna aýtdy.
Şu temadaky soraga ol: «Ýok!» diýip jogap berip, başga teswirlerden saklandy.
Ýatladyp geçsek, ABŞ COVID-19 bilen kesellänleriň sany boýunça birinji ýerde galýar. ABŞ-da 7 277 759 sany kesel ýagdaýy hasaba alyndy. Tutuş dünýäde kesellänleriň sany 34 milliondan geçdi, milliondan gowrak adam aradan çykdy.

düýn 07:25
4.4k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.6k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......

31.05.2026 00:28
5.3k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.6k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......