Disney pandemiýa sebäpli ABŞ-da 28 müň işgärini işden çykarýar

  • 01.10.2020 00:18
  • 11k+

Disney kompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän çökgünlik bilen baglanyşykly ABŞ-da dynç alyş seýilgähleriniň 28 müň töweregi işgärini işden aýyrmak kararyna gelendigini habar berdi diýlip, Disney Parks, Experiences & Products Parks seýilgähleriniň ýolbaşçysy Joş D’Amaronyň beýannamasynda aýdylýar. Işden aýrylýan işgärleriň 67% töweregi doly işlemeýärdi. Muny kommersant.ru ýetirýär.

“Biz Disney Parks, Experiences & Products Parks bölümlerinde ştatlary ähli derejede azaltmak işine başlamak barada gaty kyn netijä geldik – diýlip, beýannamada aýdylýar. Bu ädim nähili agyr bolsa-da, COVID-19-yň biziň işimize dowamly täsirini göz öňünde tutsak, ýeke-täk mümkin bolan çykalga”. Işgärlere ýazan hatynda D’Amaro kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň çykdajylary azaltmagyň, taslamany togtatmagyň we amallary tertipleşdirmegiň hasabyna işden çykarmakdan gaçmaga synanyşandygyny habar berýär.

ABŞ-da Disney-iň dynç alyş seýilgähleri koronawirus pandemiýasy netijesinde ýazda ýapyldy. Soň olary ýuwaş-ýuwaşdan açyp başladylar, ýöne Disney gelýän adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, olaryň sanyny çäklendirmäge mejbur boldy.
Belläp geçsek, COVID-19 pandemiýasy başlamazdan ozal, Disney-iň amerikan tematiki seýilgählerinde 100 müňden gowrak işgär zähmet çekýärdi.
Mundan ozal, Disney kompaniýasy 2020-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemi boýunça diwidend tölemejekdigini duýdurdy, bu oňa $1,6 mlrd nagt serişdeleri saklap galmaga mümkinçilik berer. Kompaniýanyň arassa girdejisi birinji çärýekde 91%, ýagny $475 milliona çenli azaldy. Umumy amal girdejisi 37% kemelip, $2,4 milliarda barabar boldy.

düýn 18:04
2.9k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
2k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......