Aşgabat we Kabul birnäçe möhüm resminamalara gol çekdiler

  • 30.09.2020 23:27
  • 12k+

30-njy sentýabrda Kabul şäherinde «Salam han» prezident köşgünde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, hökümet agzalary, Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä şeýle hem taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdi, ol dabara wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.
Resminamalara Türkmenistanyň we Owganystanyň ygtyýarly wekilleri gol çekdiler. Olar:

  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň, TAPI Pipeline Limited we «Afgan Gaz Enterprise» edarasynyň aralarynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Afgan Wireless» aragatnaşyk kompaniýasynyň arasynda Ymamnazar–Akina hem-de Serhetabat–Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek hakyndaky Şertnama;
  • «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçiriji taslamasy, Owganystanda elektrik energiýasyny satyn almak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri» baradaky Ylalaşyk.
düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......