Xiaomi ilkinji 8K ölçegli telewizory tanyşdyrdy

  • 29.09.2020 23:24
  • 9.1k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy 8K ýa-da 7680x4320 piksel rekord ölçegli täze “TV Mi TV Lux Ultra” telewizoryny tanyşdyrdy. Bu barada rg.ru habar berýär.

Diagonallygyna 82 dýuýmlyk ekran 60 Hz (iň häzirki zaman smartfonlarynyň derejesinde) täzeleniş tizligini goldaýar we Mini LED tehnologiýasy arkaly öndürilýär diýip, FoneArena ýazýar.
“Mi TV Lux Ultra” telewizorynyň üýtgeşik aýratynlyklaryndan biri, onuň 5G mobil torlaryna birikmek mümkinçiligidir. Şeýle hem, telewizor “Dolby Vision” we “Dolby Atmos” tehnologiýalaryny hem-de “Patchwall” interfeýsini goldamak bilen, USB we HDMI 2.1 portlary hem-de S/PDIF bilen enjamlaşdyrylandyr.
Mundan başga-da, telewizorda dört ýadroly prosessoryň ýerleşdirilendigi bellenilýär, ýöne onuň haýsy kompaniýanyň önümidigi barada welin maglumat berilmeýär. Häzirlikçe diňe onuň ýokary hillidigi, suratyň üstünde işläp bilýändigi we wideonyň görkezişini has gowulandyrmaga ukyplydygy aýdylýar.

düýn 16:42
1.8k+

iPhone bejermek üçin iň ýaramsyz smartfon diýlip ykrar edildi

Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we jemgyýetiň bähbitlerini öňe sürmek bilen meşgullanýan amerikan täjirçilik däl guramalarynyň federasiýasy U.S. PIRG bejerilmesi kyn smartfonlar baradaky «Failing the Fix»......

13.04.2026 20:38
1.6k+

Britaniýanyň Lloyds banky direktorlar geňeşine emeli aň botuny goşdy

Britaniýanyň iň uly banklaryndan biri bolan Lloyds Banking Group dünýäde ilkinji bolup, dolandyryş ulgamyna emeli aň (EA) kömekçisini girizdi. The Sunday Times neşiriniň habar bermegine görä, bu ädim EA-nyň......

13.04.2026 10:55
7.8k+

Samsung öz mahabatynda tötänden geljekki iPhone 18 Pro Max-y görkezdi

Samsung Display bölümi Galaxy S26 Ultra flagmany üçin taýýarlan mahabat wideosyny köpçülige hödürledi. Bu wideoda ünsli tomaşaçylar Apple kompaniýasynyň entek tanyşdyrylmadyk iPhone 18 Pro Max smartfonynyň......

13.04.2026 07:32
5.2k+

Caviar Apple-yň 50 ýyllygyna ilkinji «iPhone-yň» bölejigi ýerleşdirilen iPhone 17 Pro modelini çykardy

Caviar zergärçilik atelýesi Apple kompaniýasynyň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone 17 Pro we 17 Pro Max modelleriniň ýörite dizaýndaky wersiýasyny tanyşdyrdy. Gara PVD örtükli titan korpusda taýýarlanylan bu......