Türkmenistanda welosport boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 28.09.2020 19:58
  • 9.3k+

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, myhman ýaryşlaryň üstünlikli guralmagy üçin hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini aýdyp, dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçiriljekdigine hem-de ýatda galyjy boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanda doglan I.Makarowyň belleýşi ýaly, bu ýerleriniň ajaýyp tebigaty, Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goramak boýunça alyp barýan syýasaty we onuň häzirki zaman ýol-ulag düzümi hem-de howa şertleri ýylyň bütin dowamynda açyk howada tanymal türgenleriň gatnaşmagynda ussatlyk okuwlaryny, halkara derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

düýn 14:53
7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....