Habib Nurmagomedow depressiýa garşy nähili göreşýändigini aýtdy

  • 26.09.2020 23:36
  • 15k+

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow kakasy Abdulmanapyň ölüminden soň göwnüçökgünlige garşy nähili göreşýändigini aýtdy. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

You Tube kanalynda UFC Russia gepleşiginde söweşiji türgenleşigiň göwnüçökgünlik ýagdaýyndan ünsi sowmaga kömek edýändigini gürrüň berdi.

“Men yzygiderli türgenleşdim, bu belli bir derejede depressiýany aýyrýar. Men tutuş ömrümi türgenleşip geçirýärin. Keýpiň gowy bolmagy we güýç almak üçin men türgenleşmeli. Kakam hem şeýledi... Meniň pikirimçe, bu maňa şondan galandyr. Bu meniň üçin möhüm” – diýip, UFC-niň çempiony belledi.

UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedowyň kakasy we tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedow iýulda 58 ýaşynda koronawirus sebäpli ýüze çykan kynçylyklardan ýogaldy. Ol Dagestanyň Kizilýurt etrabyndaky obasy Kirowaulda jaýlandy.

şu gün 14:53
825

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

şu gün 13:51
2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 23:43
5.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
7.2k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....