Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

  • 25.09.2020 16:32
  • 18k+

Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmek we COVID-19 ýokanjyna garşy göreşde olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak häzirki wagtda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň täze neşirini taýýarlamagy hem zerur hasaplaýandygyny belläp, degişli ýolbaşçylardan we hünärmenlerden bu ugurda anyk tekliplere garaşýandygyny aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutany dünýäde COVID-19-yň ýaýrap ugran ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adam immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün etmek boýunça işleriň guralýandygyny aýtdy. Ýurtda ilatyň umumy lukmançylyk barlagy geçirilýär we adamlaryň immun ýagdaýyny gowulandyrmak üçin beýleki zerur çäreler amala aşyrylýar. Döwlet derejesinde Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy kabul edildi. Şeýle hem pandemiýa garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy tassyklandy diýip, TDH habar berdi.

04.04.2026 15:19
6.5k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

03.04.2026 21:00
3.5k+

Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin......

03.04.2026 20:56
10k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

03.04.2026 12:06
4.2k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......