Türkmenistanyň Prezidenti pandemiýa garşy göreşde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy

  • 23.09.2020 17:17
  • 14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Türkmen Lideri çykyşyny Ýer ýüzüniň koronawirus pandemiýasynyň täsirine döz gelmedik ýaşaýjylarynyň sanynyň ýüz müňlerçä ýetmegi zerarly, çuňňur gynanç sözlerini beýan etmekden başlady.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem lukmanlara, bu ulgamyň işgärlerine, tehniki hünärmenlerine, meýletinçilere, dünýäniň dürli künjeklerinde adamlaryň ömrüni we saglygyny halas etmegiň hatyrasyna ençeme aýlaryň dowamynda yhlasly zähmet çekýänleriň ählisine guwanýandygyny aýtdy.

«Biziň üns-aladamyz umyt we ynam bilen pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen waksinalary hem-de derman serişdelerini döretmegiň üstünde işleýän alymlara, barlagçylara gönükdirilendir» diýip türkmen Lideri belledi.

Dünýäde pandemiýanyň ýaýrap başlan ilkinji pursatlaryndan Türkmenistan bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmaga girişdi. Öz wagtynda netijeli gorag çäreleri geçirildi, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça ýeke-täk milli strategiýa işlenip düzüldi. Guramaçylyk, hukuk, maliýe, ykdysady, lukmançylyk we arassaçylyk-karantin häsiýetli çäreleriň toplumy şol strategiýanyň özenini düzdi.

Pandemiýany çalt ýeňmek üçin hünärmenleriň ýakyndan utgaşykly işlemegi we bütin dünýäniň ylmy-lukmançylyk jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmegi ähli döwürdäkilerden has zerur bolup durýar. Howply ýokanç keselleriň meseleleri boýunça toplumlaýyn, ulgamlaýyn we maksada gönükdirilen köptaraply gatnaşyklaryň, ylmy diplomatiýanyň ýollaryny doly açmagyň häzirki wagtda zerurdygyna ynanýarys – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan degişli halkara gurallaryny işläp taýýarlamak we döretmek meselelerine garamagy teklip edýär. Hususan-da, BSGG-niň howandarlygynda:

  • koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmegi;
  • pnewmoniýa garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly işläp taýýarlamagy;
  • ýiti ýokanç kesellerini bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Usulyýet merkezini döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Gyzyklanma bildirýän döwletleriň we halkara düzümleriň ählisi bilen bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça giňişleýin pikir alyşmaga taýýardyrys, diýip türkmen Lideri belledi.

düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......