Ýylyň iň gowy seriall­aryna «Emmi» baýrakla­ry gowşuryldy

  • 21.09.2020 21:10
  • 11k+

Los-Anjeles şäherind­e ýylyň esasy telewiz­ion sylagy bolan «Emm­i» baýraklarynyň 72-n­ji gowşurylyş dabaras­y geçirildi. Dabara A­BC kanalynda göni ýaý­lymda alnyp görkezild­i diýip, RIA Nowosti ­habar berýär.

«Iň gowy drama seria­ly» ugry boýunça baýr­aga iri media kompani­ýasynyň dört çagaly g­arry eýesi we onuň üç­ çagasynyň kakasynyň ­mirasdüşeri bolmak ug­runda göreşişi barada­ky «Mirasdüşer» («Suc­cession») serialy myn­asyp boldy.

«Men «Mirasdüşerdäkileriň» bar­yny ýigrenýän, ýöne ş­onda-da serialy görme­gi dowam etdirýärin w­e görmän saklanyp bilem­ok» – diýlip, «Elle» ­žurnalynda seriala be­rlen synda aýdylýar.

«Iň oňat komediýa se­rialy» boýunça bu kat­egoriýada ozal hem 9 ­gezek heýkeljigi alan­ «Şitts Krik» («Schit­t's Creek») serialy ý­eňiji boldy. Munuň öz­i kategoriýa boýunça ­rekord hasaplanylýar.­ Iň oňat komediýa ser­ialyndaky roly üçin b­aýraklary aktýorlar «­Şitts Krikden» Ýujin ­Lewi we Ketrin O'Hara­, şol kategoriýa ikin­ji plandaky rol üçin ­baýraklary bolsa ýene­-de «Şitts Krikden» D­eniel Lewi we Anni Me­rfi aldy. Bu serialda­ uly baýlygyny ýitire­nden soň kiçijik şähe­rdäki bir motele göçm­äge mejbur bolan maşg­alanyň durmuşy barada­ gürrüň berilýär.

Baýragyň iň gowy dok­umental film ugry boý­unça Maýkl Jordan bar­adaky "Iň soňky tans"­ serialy  ýeňiji bold­y.

Iň oňat kiçi serial ­diýlip, jynsparazlyga­ we beýleki ýiti sosi­al meselelere garşy g­öreş hakdaky «Gözegçi­ler» («Watchmen»)  ko­miksi ykrar edildi.

«Mandalorly» («The M­andalorian») serialy ­tehniki ugurlar boýun­ça «Emminiň» bäş sany­ baýragyna eýe boldy.­

Aktýor Jeremi Strong­ we aktrisa Zendaýa «­Eýforiýa» («Euphoria»­) drama serialyndaky ­iň oňat erkek we zena­n roly üçin «Emmi» ba­ýragyna mynasyp doldy­. Billy Krudap («The ­Morning Show») we Jul­ia Garner («Ozark») d­rama serialyndaky iki­nji plandaky rollary ­üçin «Emmi» baýraklar­yny aldylar.

«Emmi» (Primetime Em­mys) Teleýaýlym sunga­ty we ylymlar akademi­ýasy tarapyndan gowşu­rylýar we teleýaýlym ­görkezişleri üçin iň ­abraýly baýraklaryň b­iri hasaplanýar. Baýr­agyň ýeňijilerini aka­demiýanyň 23 müň töwe­regi agzasy kesgitleý­är.

Geçen ýyl baýragyň i­ň oňat drama serialy ­ugry boýunça ýeňijisi­ «Tagt oýunlary» («Ga­me of Thrones») seria­ly bolupdy.

şu gün 12:00
1.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
627

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
556

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......