Pandemiýa döwründe adamlaryň näme üçin göwnüçökgünlige düşýändigi anyklanyldy

  • 22.09.2020 17:40
  • 13k+

Dowam edýän koronawirus pandemiýasy ýaşaýyş we iş şertleriniň düýpgöter üýtgemegi sebäpli ABŞ-nyň ýaşaýjylarynyň arasynda depressiýanyň we stresiň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Beýle netijä Irwinedäki (ABŞ) Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen, netijeleri Amerikanyň “Science Advances” ylmy žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde gelindi. Bu barada TASS habar berýär.

Barlagçylar, ilkinji nobatda, işsizlik, sosial gatnaşyklaryň daralmagy, ýaşaýyş derejesiniň peselmegi, şeýle hem öz saglygyň we durmuşyň bilen bagly gorky ýaly streslere üns berdiler.
Umuman alanyňda, alymlar 2020-nji ýylyň mart aýynyň ahyryndan aprel aýynyň ahyryna çenli ýurduň 6500 ýaşaýjysy bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Birnäçe ilat toparynyň psihologiki ýagdaýy baradaky maglumatlary öz içine alýan ýörite taýýarlanan kompýuter programmasynyň kömegi bilen, alymlar ilkinji gezek pandemiýanyň möwjeýän döwründe ildeşleriniň psihiki saglyk ýagdaýynyň üýtgeýşini öwrenip bildiler.

"Koronawirus ýaýramagy bilen, sorag edilenler ýokary derejeli stres we depressiw näsazlyklaryň bardygyny habar berdiler" - diýip, Kaliforniýa uniwersitetiniň lukmançylyk ylymlarynyň professory, baş awtor Alison Holman nygtaýar.
"Pandemiýa jemgyýetiň ähli gatlaklaryna deň derejede täsir etmeýär. Ilatyň bir kategoriýasy çaltlyk bilen işini, girdejisini ýitirýärdi, maşgalasy we dostlary bilen gatnaşyklary ýaramazlaşýar. Ozal hem az girdeji bilen ýaşaýan we hroniki keselli bolan adamlar ondan-da kyn günleri başdan geçirýärler. Pes hünäri sebäpli şonsuzam az girdejisini ýitiren ýaşlaryň arasynda hem şeýle ýagdaý ýüze çykýar" diýip, Holman belleýär.

Alymlaryň pikiriçe, media faktoryna - telewideniýä, internete, her dürli enjamlara, şeýle hem keseliň ýaýramagyna ünsi çekýän, ýokançlygyň kliniki keşbini we koronawirusyň dürli kynçylyklaryny beýan etmäge aşa köp üns berýän neşirlere stresiň we depressiýanyň döremeginde kiçi bolmadyk orun degişli.
Gözlegiň netijesine görä, koronawirusyň ýaýramagy barada aşa sensasiýa häsiýetli we öte jikme-jik maglumatlar, bu keseliň ilatyň belli bir kategoriýasy üçin howpy, baş alyp çykmaga hiç hili umyt goýmaýan kynçylyklar ähli sosial gatlaklardan bolan adamlaryň psihikasyna ýaramaz täsir edýär.

"Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, adatça, möhüm maglumat çeşmesidir, uly howp abanýan döwürde bu hasam şeýle. Ýöne negatiw maglumatlar aşa köp bolanda, ters täsir etmegi mümkin we stresiň hem-de depressiýanyň, aşa howsalalylygyň ösmegine sebäp bolup biler. Munuň özi koronawirusyň özünden pes bolmadyk lukmançylyk kömegini talap eder" diýip, Kaliforniýa uniwersitetiniň psiholog professory we gözlegiň esasy awtorlarynyň biri Roksan Kohen Silwer belleýär.

"Gözleglerimiz adam ömrüniň şeýle agyr döwürlerinde ilaty saglyk meseleleri boýunça aşa köp maglumatlardan, ýörite lukmançylyk temalaryny aşa jikme-jik beýan etmekden goramagyň zerurdygyny görkezdi. Ýadatmaýan, ýerlikli, sensasiýa elementleri bolmadyk lukmançylyk statistikasy baradaky maglumatlar, wirusa garşy göreş çäreleri psihiki hassalygynyň ösmeginiň öňüni almaga we jemgyýeti sagdynladyrmaga kömek eder" - diýip, professor nygtaýar.

şu gün 10:44
532

Neýrobiologlar çagalaryň elde hat ýazmaklarynyň peýdalydygyny aýdýarlar

Soňky ýyllarda sanly enjamlaryň giňden ýaýramagy sebäpli, köp ýurtlaryň mekdep maksatnamalaryndan harplaryň biri-birine birikdirilip ýazylýan usuly aýrylyp başlapdy. Emma neýrobiologlaryň we bilim hünärmenleriniň Nature žurnalynda neşir edilen pikirlerine görä, el bilen ýazmak ukyby zehin ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir...

düýn 13:11
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi...

09.02.2026 21:04
5.7k+

Iki aýlyk bäbekleriň beýnisi çak edilişinden has ösen bolup çykdy

Görüp oturylsa, bäbekler eýýäm iki aýlyk wagtlarynda janly we jansyz zatlary biri-birinden tapawutlandyrmagy başarýan ekenler. Munuň şeýledigini beýniniň ösüşiniň we daşky dünýäni işjeň tertipleşdirmegiň öňki çak edilişinden has ir başlanýandygyny görkezýän kognitiw ukyplar baradaky täze barlaglar hem subut edýär diýip, Nature Neuroscience žurnaly habar berýär...

08.02.2026 18:42
3.5k+

Olar aňsat bildirmeýärler: barlaglar gyzlaryň hem autizmden az ejir çekmeýändigini görkezdi

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň alymlary tarapyndan geçirilen barlaglar autizm baradaky öňki düşünjeleri düýpgöter üýtgedýär. Täze maglumata görä, gyzlar hem autizm spektriniň bozulmalaryndan oglanlardan az ejir çekmeýärler...