Türkmenistan gazyň bahasy bilen bagly meseläni çözjekdigine Pakistany ynandyrdy

  • 20.09.2020 23:10
  • 11k+

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäginde Pakistany gazyň bahasy hem-de eltip beriş nokady bilen bagly meseleleri çözjekdigine ynandyrdy, diýip Turkmenportal agentligi The News pakistan neşirine salgylanyp habar berýär.

«TAPI Pipeline Company Ltd-iň» baş ýerine ýetiriji direktory we müdiriýetiniň başlygy Muhammetmyrat Amanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pakistanyň gazyň bahasy babatdaky ynjalyksyzlygynyň degişli şertnamalarda göz öňünde tutuljakdygyny mälim etdi.
TOPH gazynyň bahasy babatdaky gepleşikler dünýädäki epidemiologik ýagdaý gowulaşan badyna başlar diýip, türkmen tarapy 18-nji sentýabrda Yslamabatda geçirilen ýygnakda aýtdy.
Gepleşiklerde Pakistan tarapyna premýer-ministriň nebit boýunça ýörite kömekçisi Nadim Babar wekilçilik etdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow hem gatnaşdy.
TOPH taslamasynda «Galkynyş» gaz käninden we Türkmenistandaky ýanaşyk gaz ýataklaryndan Owganystana, Pakistana we Hindistana tebigy gazyň iberilmegi göz öňünde tutulýar.
Habar berlişi ýaly, türkmen-owgan serhedinden Owganystandaky Hyrat gaz çykaryş nokadyna çenli gurluşyk işlerine başlamak meýilleşdirilýär.

«Owganystanda gurluşyk işleriniň başlanmagy halkara maýadarlarynyň taslama maýa goýmakdaky ynamyny ep-esli ýokarlandyrar» - diýip, Pakistan tarapy belleýär.

Pakistan Owganystan bilen ugurdaş Pakistanda çynlakaý gurluşyk işlerine başlamaga taýýarlanylýandygyny aýtdy. Şeýle hem taraplar kabul ediji ýurt bilen şertnamany şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamak barada ylalaşdylar.
Pakistanyň resmi wekilleri şu möhüm meseleler çözülenden soň, TOPH-da mümkin boldugyça ir öňe gidişlikleri gazanmak isleýändiklerini aýtdy.

düýn 15:16
3.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
9.7k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....